Koronawirus Merkezi we Gündogar Ýewropada Köpelmäge Başlady

Bu barasynda BSGG-nyň resmisi beýannama berdi

1595160
Koronawirus Merkezi we Gündogar Ýewropada Köpelmäge Başlady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze görnüş koronawirusyň esasanda Merkezi we Gündogar Ýewropada ýaňadandan köpelmäge başlandygyna ünsi çekdi.

BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebitleýin Direktory Hans Klug mesele boýunça beren beýannamasynda kesellileriň sanynyň käbir Günbatar Ýewropa ýurtlarynda hem artmaga başlandygyny aýtdy.

Hassahananyň we saglygy goraýyş pudagynyň işgärlerine düşýän agramyň ýewropaly goňşy ýurtlaryň lukmançylyk arkalaşygy netijesinde bölüşilýändigini beýan eden BSGG-nyň resmisi; “Ýene-de pandemiýa bilen birlikde geçen bir ýyldan gowrak möhletden soň saglygy goraýyş ulgamlarymyzyň beýle bolmaly däl” diýdi.

Hytaýyň Uhan şäherinde geçen ýyl ýüze çykan Kowid-19 pandemiýasynda häzirki wagta çenli dünýä boýunça 2,5 milliondan gowrak adam ýogaldy.



Degişli Habarlar