Gresiýada ýer titremeler dowam edýär

Gresiýanyň Larisa şäherinde ýer titremeler dowam edýär

1594733
Gresiýada ýer titremeler dowam edýär

6.2 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň Larissa şäherinde 5 we 4,2 bal ululyklarynda ýer titremeler başdan geçirildi. 

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) internet saýtynda berilen habara görä, Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:24-de 5 bal ululygynda ýer titremesi başdan geçirildi. 

Ýer titreme ýeriň 34,05 km aşagynda emele geldi. 

Bu ýer titremeden soň, ýene-de ýurdyň Larissa şäherinde Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:49-da 4,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy. 

Bu ýer titreme bolsa ýeriň 4,73 km aşagynda emele geldi. 

Ýer titreme Türkiýäniň Çanakgala welaýatynyň golaýynda hem duýuldy. 



Degişli Habarlar