Ermenistanda, Paşinýanyň Wezipesinden Çekilmegi Şerti Bilen Irki Saýlawyň Geçirilmegi Islendi

Ermenistandaky syýasy krizis dowam edýär

1594671
Ermenistanda, Paşinýanyň Wezipesinden Çekilmegi Şerti Bilen Irki Saýlawyň Geçirilmegi Islendi

 

Ermenistanda harby goşunyň Premýer ministr Nikol Paşinýana wezipesinden çekilmegi üçin beren çagyryşy bilen başlan syýasy krizis dowam edýär.

Opposizionerler Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi şerti bilen irki saýlawyň geçirilmegini isledi.

Oppozisionerleriň premýer ministrlige dalaşgäri Wazgen Manukýan, Paşinýanyň, Daglyk Garabag söweşini nähili gönükdirendiklerini görendikleri nygtady.

Wazgen Manukýan, Paşinýanyň öňňin döwletiň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýerlerinden göçürlen 15 adamyň gatnaşmagynda Respublika meýdanynda ýöriş geçirendigini ýatlatdy.

Paşinýanyň saýlawyň geçirilmegini islemeýändigini nygtan Wazgen Manukýan, “Biz Paşinýan häkimiýetiň başynda mahaly irki saýlawyň geçirilmegine garşy”diýdi.

Manukýan, Paşinýanyň gysga wagtda wezipesinden çekilmelidigini we wagtlaýyn hökümetiň gurulmagy bilen 1 ýylyň dowamynda irki saýlawyň geçirilmelidigini belledi.

Premýer ministr Paşinýan bolsa parlamentde eden çykyşynda, oppozisionerler bilen ylalaşan halatynda şu ýyl irki saýlawyň geçirlip bilinjekdigini nygtady.

Premýer ministr Paşinýan ýakynda oppozisionerleriň wekilleri bilen irki saýlaw meselesinde gepleşikler geçirjekdigini belledi.

Beýleki tarapdan Prezident Armen Sarkisýan, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Onik Gasparýan bilen duşuşdy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Prezident Armen Sarkisýan bilen Baş ştabyň başlygy goşun generaly Onik Gasparýanyň ýurtda başdan geçirilýän dartgynlyk hakynda pikir alyşdy we ýurduň howpsyzlygynyň we durnuklylygyň möhümdigini nygtadylar.

Ýurtda oppozisionerleriň, goşunyň çagyryşyndan soň Premýer ministr Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi üçin başladan ýörişleri dowam edýär.

Paşinýanyň parlamentde eden çykyşynyň öňüsyrasynda parlamentiň öňünde bir ýere jemlenşen protestçylar ýöriş geçirdi.

Ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirlen ýörişler sebäpli berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Ermenistanyň Baş ştabyň başlygy Onik Gasparýan ýokary çinli serkerdeler bilen birlikde Premýer ministr Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi üçin çagyryş beripdi.

Premýer ministr Paşinýan serkerdeleriň çagyryşyny “agdarlyşyk synanşygy” hökmünde häsiýetlendirip, Baş ştabyň başlygyny wezipesinden boşadandygyny mälim edipdi.

Emma Prezident Sarkisýan, Paşinýanyň Gasparýanyň wezipesinden boşadandygy hakyndaky kararnamasyny 2 gezek ret edipdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar