"Ysraýyl Trampy Ýalňyşdyrdy”

Ruhani, ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalary we ýadro ylalaşygy hakynda durup geçdi.

1594351
"Ysraýyl Trampy Ýalňyşdyrdy”

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýadro ylalaşygy meselesinde bu hepde netije alnyp bilinjekdigini aýtdy.

Paýtagt Tähranda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama beren Ruhani, ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalary we ýadro ylalaşygy hakynda durup geçdi.

Ysraýylyň ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donal Trampy ýalňyşdyrandygyny we ýalňyş gönükdirendigini aýdan Ruhani, Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky täze hökümetiň ozalky hökümetiň goýberen ýalňyşlyklarynyň öwezini dolmalydygyny nygtady.

Ruhani, “ABŞ-da täze hökümetiň iş başyna gelmegi bilen ýagdaý biraz üýtgedi. Ozalky hökümetiň goýberen ýalňyşlyklaryny boýun aldylar. Käbir başlangyçlar edildi we ozalky hökümetiň BMG-na hödürlän teklibini yzyna aldylar. Emma biz sanksiýalaryň bes edilmegini isleýäris we bu meselede ABŞ-nyň heniz anyk tagalla etmedi” diýdi.



Degişli Habarlar