Russiýa ABŞ-nyň Nawalnyý sebäpli goýan sanksiýalaryna garşylyk görkezer

ABŞ, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmegi we tussag edilmegi sebäpli Russiýadan 7 ýolbaşça we 14 gurama garşy sanksiýa girizmek barada karar kabul etdi

1594040
Russiýa ABŞ-nyň Nawalnyý sebäpli goýan sanksiýalaryna garşylyk görkezer

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, ABŞ-nyň rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmegi we tussag edilmegi bilen baglanşykly ýurduna garşy goýan sanksiýa kararyna laýyklykda jogap berjekdiklerini habar berdi. 

Mariýa Zaharowa beren ýazmaça beýanatynda, ABŞ-nyň sanksiýa karary bilen baglanşykly, Ýewropa Bileleşigi bilen duet etmek arkaly Moskwany jezalandyrmk üçin Russiýa garşy duşmançylykly hüjüm başladandygyny beýan etdi. 

Zaharowa, Ak Tamyň daşky duşman şekilini döretmäge synanyşýandygyny, öz içerki meseleleri bilen gyzyklanmaýandygyny belledi.  

Sanksiýalaryň ýola goýulmagynyň sebäbi hökmünde Alekseý Nawalnyýnyň harby himiki madda bilen zäherlenendigi baradaky öňe sürmeleri manysyz hökmünde häsýetlendiren Zaharowa: "Ähli bu zatlar biziň içerki işlerimize açyk ýagdaýda goşulyşmaga dowam etmek üçin bahanadyr. Muňa çydam etmek niýetinde däldiris. Sanksiýa kararyna özara garşylyk ýörelgesine laýyklykda jogap bereris" diýip habar berdi. 

Zaharowa: "Amerikan sanksiýalary näme bolsa bolsun islendik hüjüme garşylyk görkezip, milli bähbitlerimizi tutanýerlilik we erjellik bilen goramaga dowam ederis. ABŞ-ly kärdeşlerimize ot bilen oýnamazlyklary barada çagyryş berýäris" diýip belledi. 

ABŞ, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmegi we tussag edilmegi sebäpli Russiýadan 7 ýolbaşça we 14 gurama garşy sanksiýa girizmek barada karar kabul etdi. 


Etiketkalar: #sanksiýa , #Russiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar