Blinken Bilen Al Sani Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Blinken bilen Al Sani aýlag ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy

1594103
Blinken Bilen Al Sani Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs telefon söhbetdeşligi hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Praýs “Döwlet sekretary Blinken, Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sanini Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda Katar bilen Bahreýniň, Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Müsüriň arasynda Al Ula jarnamasy bilen baglaşylan taryhy şertnama bilen gutlady. Serhetleriň açylmagyna, çäklendirmeleriň bes edilmegine we diplomatik gatnaşyklaryň ýaňadandan başlamagyna hoşallyk bildirdi” diýildi.

Praýs, Blinken bilen Al Saniniň Kataryň owgan parahatçylyk gepleşiklerine berýän goldawy bilen aýlag ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda hem pikir alyşandygyny belledi.



Degişli Habarlar