ABŞ Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

ABŞ Türkiýe bilen esasan hem Siriýa meselesi boýunça umumy bähbitleriniň bardygyny beýan etdi

1593889
ABŞ Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat geňeşçisi Ned Praýs, gündelik metbugat ýygnagynda: "Türkiýe bilen Siriýadaky umumy bähbitlerimizi durmuşa geçirip bilmek maksady bilen konstruktiw ýagdaýda işlemäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

Ned Praýs, Idlibdäki asuda ilata garşy gyrgynçylygyň öňüni alan ýeke täk ýurdyň Türkiýedigi baradaky habarlara esaslanyp berilen "Idlibdäki asuda ilat bilen baglanşykly ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda hyzmatdaşlygyň bolup-bolmandygy" bilen bagly soraga jogap berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat geňeşçisi Ned Praýs: "Türkiýe bilen umumy bähbitlerimiz bar. Türkiýe bilen esasan hem Siriýa meselesi boýunça umumy bähbitlerimiz bar. Türkiýe bilen Siriýadaky umumy bähbitlerimizi durmuşa geçirip bilmek maksady bilen konstruktiw ýagdaýda işlemäge dowam ederis" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #Idlib , #Siriýa , #Türkiýe , #ABŞ

Degişli Habarlar