Ysraýylyň Damask şäherine howa hüjümini gurandygy öňe sürüldi

Asada tabynlykdaky güýçler, Ysraýylyň Siriýanyň paýtagty Damask şäherine howa hüjümini gurandygyny öňe sürdi

1592454
Ysraýylyň Damask şäherine howa hüjümini gurandygy öňe sürüldi

SANA habarlar agentligi, harby çeşmelere esaslanyp beren habarynda, Ysraýylyň ýerli wagt bilen sagat 22:16-da, basyp alyşlyk astyndaky Golan depeleriniň üsti bilen gelip, Damask şäheriniň merkeziniň golaýyndaky Asada tabynlykdaky ýerlere howa hüjümini gurandygyny öňe sürdi. 

Adam we mal-mülk ýitgisiniň çekilmändigi habar berilen beýanatda: "Howa goranyş ulgamlarymyz duşmana degişli raketalaryň öňünden çykyp, aglabasyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip mälim edildi. 

Ysraýyl tarapyndan hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi. 

Paýtagt Damask şäherinde Asada tabynlykdaky güýçler bilen birlikde Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli daşary ýurt terrorçy toparlara degişli harby nokatlar hem bar. 


Etiketkalar: #Damask , #SANA , #Ysraýyl

Degişli Habarlar