Somalide bombaly hüjüm guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok

1592178
Somalide bombaly hüjüm guraldy

Somaliniň paýtagty Mogadişu şäherinde harby ulag kerwenine garşy guralan bombaly hüjümde 2-si harby jemi 3 adam ýogaldy. 

Hüjümde ýokary derejeli harby ýolbaşçynyň nyşana alynandygy mälim edildi.

Nyşana alynan ýokary derejeli harby ýolbaşçynyň hüjümde ýaralanmadan halas bolandygy, emma hüjümde 2 harby bilen asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygy aýan edildi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 


Etiketkalar: #hüjüm , #harby , #Somali

Degişli Habarlar