Jo Baýden ertir Saud Arabystany bilen bagly beýanat berer

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Jemal Kaşykçynyň öldürilmegi bilen baglanşykly razwedka habarnamasyndan soň, duşenbe güni Saud Arabystany bilen bagly beýanat berjekdiklerini habar berdi

1592120
Jo Baýden ertir Saud Arabystany bilen bagly beýanat berer

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ak Tamyň howlusynda metbugat işgärleriniň Saud Arabystany bilen bagly soraglaryna jogap berdi. 

Jemal Kaşykçynyň jenaýaty bilen baglanşykly ABŞ-nyň razwedkasynyň habarnamasyndan soň, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selmany jezalandyryp-jezalandyrmajakdyklary bilen bagly soraga Jo Baýden: "Saud Arabystany bilen baglanşykly näme etjekdigimizi duşenbe güni aýan ederis" diýip jogap berdi. 

ABŞ-nyň Milli Razwedka gullugynyň anna güni aýan eden we Kaşykçynyň öldürilmegi baradaky buýrugyň Selman tarapyndan berilendigi baradaky habarnama uly seslenme döredipdi. 

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selmana garşy tankydy bellikler aýtmagy bilen tanalan we Washington Post gazedinde makala ýazan Jemal Kaşykçy, 2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullyk binasyna gireninden soň, çykmandy. Kaşykçynyň birnäçe wagt soň konsullykda öldürilendigi we jesediniň böleklere bölünendigi ýüze çykypdy. 



Degişli Habarlar