“Wezipämden Çekilip Çekilmejekdigime Halk Karar Berer"

Ermenistanda hökümetiň we oppozisionerleriň tarapdarlary paýtagt Ýerewanda miting geçirdi

1590985
“Wezipämden Çekilip Çekilmejekdigime Halk Karar Berer"

 

Ermenistanyň goşunlarynyň Premýer ministr Nikol Paşinýanyň wezipesinden çekilmegi üçin beren çagyryşyndan soň hökümetiň we oppozisionerleriň tarapdarlary paýtagt Ýerewanda miting geçirdi.

Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirlen mitingde Paşinýanyň tarapdarlary bilen oppozisionerleriň arasynda wagtal-wagtal dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Paşinýan, Respublika meýdanynda eden çykyşynda, goşunyň halka we özüne tabyndygyny nygtady.

Wezipesinden çekilmeginiň ýurtdaky kynçylyklary çözüp bilmejekdigini aýdan Paşinýan “Wezipämden çekilip çekilmejekdigime halk karar berer. Ermeni halky harby agdarlyşyk edilmegine rugsat bermez” diýdi.

Prezident Armen Sarkisýan bilen telefon arkaly ýurtda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny aýdan Paşinýan, Sarkisýana Baş ştabyň başlygy Onik Gasparýanyň wezipesinden boşadylmagy hakyndaky kararnamany tassyklamalydygyny aýdandygyna ünsi çekdi.

Paşinýan “Prezident kararnamany tassyklamasa onda ol agdarlyşyga goldaw berýär diýmek. Bu ýönekeý alternatiw” diýip belledi.

Baş ştabyň başlygyna wezipesinden çekilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş beren Paşinýan “Gasparýanyň goşunyň halka garşy tutum alyp barmagy üçin edýän tagallasyna rugsat bermerin”diýdi.

Beýleki tarapdan Ermenistanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, ýaragly güýçleriň ýurduň serhetlerini goraýandygy we howpsyzlygyň ýola goýlandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar