Russiýa, Ermenistanda Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

“Ermenistanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Emma bu Ermenistanyň içerki meselesi"

1590616
Russiýa, Ermenistanda Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

 

Russiýa, Ermenistanda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändigini mälim etid.

Kremlden berlen beýannamada, Ýerewanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanylýandygy nygtaldy.

Beýannamada, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Paşinýanyň heniz gepleşik geçirmändigi bellenildi.

Kremliň metbugat sekretary Dimitriý Peskow mesele hakyndaky beýannamasynda “Ermenistanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Emma bu Ermenistanyň içerki meselesi. Ermenistandaky ähli taraplara parasatly bolmaklary üçin çagyryş berýäris. Kanunlara laýyklykda hereket edilmeli” diýdi.



Degişli Habarlar