Paşinýan Baş Ştabyň Başlygyny Wezipeden Boşatdy

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan özüni wezipeden çekilmäge çagyran Baş ştabyň Başlygyny wezipeden boşatdy

1590510
Paşinýan Baş Ştabyň Başlygyny Wezipeden Boşatdy

Ermenistanyň Baş ştabynyň Başlygy we ähli okary çinli serkerdeler Premýer-ministri Paşinýanyň wezipeden çekilmegi üçin beýannama çap etdiler.

Beýannamada Paşinýanyň başlyklyk edýän hökümetiniň möhüm we ýeterlik kararlary kabul edip bilmejekdigi, olar üçin ýeterlik ukyba eýe däldigi beýan edilýär.

Ermenistsanyň Premýer-ministri harby goşunyň özüne garşy çagyryşy “häkimiýeti agdarlyşyk synanşygy” hökmünde häsýetlendirip, tarapdalaryny köçä çykmaga çagyrdy.

Paşinýan şeýle-de Baş ştabyň Başlygy Onik Gasparýany wezipeden boşadandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar