Nigeriýa dartgynly bolmagynda galýar

Nigeriýa döwletiniň Borno ştatynda 3 aýry ýerde bolan partlamada we ýaragly hüjümlerde 10 adam ýogaldy, 47 adam ýaralandy

1589573
Nigeriýa dartgynly bolmagynda galýar

Ýurdyň milli metbugatynda berilen habara görä, Borno ştatynyň Maiduguri şäherindäki Gwange, Bulabulin we Kaleri diýilen ýerlerinde partlamalar boldy we ýaragly hüjümler guraldy.  

Bolan partlamalarda we guralan ýaragly hüjümlerde 10 adamyň ýogalandygy, 47 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Hökümediň resmileri, partlamanyň bolan ýerine howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini we waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi. 

Terror guramasy Boko Haram şol sebitde ýygy-ýygydan şoňa meňzeş hüjümler guraýar. 

Beýleki tarapdan Nigeriýanyň goşuny Borno welaýatynyň Marte diýilen ýerinde geçiren operasiýasy bilen terror guramasy Boko Haramyň gözegçiliginde bolan sebiti ele geçirdi. 

Operasiýanyň netijesinde köp sanda terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, ençeme terrorçy bolsa ýaraly ýagdaýda çaknyşyklaryň bolýan ýerinden gaçdy. 



Degişli Habarlar