Lesotoda 6 aý möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Günorta Afrika ýurtlaryndan Lesoto döwletinde aşa köp ýagan ýagyşlaryň ýetiren zyýany sebäpli 6 aý möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

1589474
Lesotoda 6 aý möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Lesotonyň Premýer ministri Moeketsi Majoro, halka ýüzlenip eden çykyşynda: "Soňky 2 aý bäri aşa köp ýagan ýagyşlar ençeme adamyň ýogalmagyna, ýollara we köprülere zyýan ýetmegine sebäp boldy. Ekin meýdanlaryna zeper ýetdi" diýip habar berdi.

Ýurt derejesinde 6 aý möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edendiklerini aýdan Majoro, zyýanyň şonuň saýasynda has çalt öweziniň dolunjakdygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar