Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 88 million 254 müň adamdan geçdi

1589672
Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp ýetirmäge dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 496 müň 900 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 112 million 660 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 88 million 254 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 100 adam artyp, 156 müň 598 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 463 adamlyk artyş bilen 11 million 29 müň 326 adama ýetdi. 

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasyna garşy ýurdyň 10 welaýatynda yglan edilen adatdan daşary ýagdaýyň Osaka, Hýogo, Kýoto we Aiçi welaýatlarynda ozal yglan edilen möhletden ir aýrylmagy talap edildi. 

Ysraýylda koronawirusyň barlygyny kabul etmeýän we wirusa garşy halkyň sanjym edilmegine garşy bolan bir lukmanyň Bneý Brak şäherinde klinika açmak üçin berilen saglyk ygtyýarnamasy elinden alyndy. Ilatynyň aglabasy Ultraortodoks dinine agza jöhitlerden ybarat bolan 210 müň ilatly Bneý Brak şäherinde her 5 adamyň 1-iniň Kowid-19-a ýolukmagy ünsleri özüne çekýär. 

Palestinanyň Ykdysadyýet ministri Halid al-Useýli we hökümediň metbugat geňeşçisi Ibrahim al-Mulhimiň Kowid-19 testiniň poližitel çykandygy habar berildi. Palestinada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 199 müň 769 adama ýetdi. 

Senegalyň Prezidenti Maki Sall, ýurdunyň Kowid-19 Sanjymlary global ygtyýar programmasy Kowaksa girendigini, emma etabyň örän haýal gidýändigini belläp: "Ösen ýurtlar sanjym işlerine başlady, Prezident hökmünde Kowaksdan sanjymlar gelýänçä çenli garaşyp bilmezdim" diýip beýan etdi. Sall, şol sebäpli Hytaý tarapyndan öndürilen Sinopharm sanjymy saýlandyklaryny habar berdi. 



Degişli Habarlar