Eýran: ABŞ-dan Ýüzlenme Gelip Gowuşdy

Eýran, ABŞ-dan Şweýsariýanyň Ilçihanasynyň üsti bilen ýurtda tussaglykda saklanýan amerikalylar bilen bagly ýüzlenmäniň gelip gowulandygyny beýan etdi

1588263
Eýran: ABŞ-dan Ýüzlenme Gelip Gowuşdy

Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Said Hatipzada Eýranyň tussaghanalarynda tussaglykda oturan ABŞ-nyň raýatlarynyň boşadylmagy üçin resmi Waşington bilen gönüden aragatnaşygyň ýokdugyny  beýan edip, mesele boýunça käbir ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň we Şweýsariýanyň İlçihanasynyň üsti bilen Amerikan hökümetinden ýüzlenme berilendigini aýtdy.

Eýranyň resmi habarlar gullugy “IRNA-nyň” beýan etmegine göra ABŞ-nyň tussaghanalarynda oturan Eýranyň raýatlarynyň boşadylmagyny ileri tututandyklaryny aýdan Hatibzada, mesele boýunça gepleşikler geçirmäge taýardyklaryny aýtdy.

Resmi Tähran bilen Wşingtonyň arasyndaky diplomatik meseleler Şweýsariýanyň üsti bilen maslahatlaşylýar.

ABŞ-nyň Milli howpsyzlykdan jogapkär resmisi Jek Sýulliwan Eýranda tussaglykda saklanýan amerikalylaryň halas edilmegi boýunça resmi Tähran bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny beýan edipdi.



Degişli Habarlar