Ýemende Bolan Çaknyşykda 16 Başbozar Öldürildi

Heýlan etabynda bolan çaknyşykda käbir ýerleriň başbozarlardan halas edilendigi nygtaldy

1587436
Ýemende Bolan Çaknyşykda 16 Başbozar Öldürildi

 

Ýemeniň goşunlary, Marib welaýatynda Eýran tarapyndan goldanýan Husilere garşy göreşde uly üstünlik gazanylandygyny we 16 başozaryň öldürlendigini habar berdi.

Ýemeniň goşunlarynyň “september.net” saýtynda, ýurduň gündogarynda ýerleşýän Marib welaýatynda Husi başbozarlar bilen bolan çaknyşyk hakynda maglumat berildi.

Marib welaýatynyň günbatarynda ýerleşýän Heýlan etabynda bolan çaknyşykda käbir ýerleriň başbozarlardan halas edilendigi, 16 başbozaryň öldürlendigi nygtaldy.

Husiler mesele hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.


Etiketkalar: #Husiler , #başbozar , #Ýemen

Degişli Habarlar