Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 85 adam ýogaldy

Hindistanda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 745 adamlyk artyş bilen 10 million 963 müň 394 adama ýetdi

1586677
Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 85 adam ýogaldy

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 452 müň 750 adama, wirus ýokanlaryň sany 110 million 848 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 85 million 796 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 85 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalanlaryň sany 156 müň 123 adama ýetdi. Hindistanda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 745 adamlyk artyş bilen 10 million 963 müň 394 adama ýetdi.

Adam ýitgisi 13 müň 220 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 657 müň 453 adama ýeten Yrakda, koronawirusyň Britaniýada ýüze çykan görnüşiniň anyklanmagyndan soň Kerkük şäherinde köçä çykmak gadagançylygy girizildi. 

Gazadaky Palestinanyň Içeri işler ministrligi, koronawirus epidemiýasy bilen bagly görülen çäreleriň ýekşenbe gününden başlap gowşadylmaga başlanjakdygyny habar berdi. Gazada we Günbatar Şeriada koronawirus sebäpli 2 müň 155 adam ýogaldy, 193 müň 418 adam bolsa hasaba alyndy. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar