Terror guramasy PKK Afrin etrabyna raketaly hüjüm gurady

Afriniň şäher merkezine guralan raketaly hüjümde 6-sy çaga asuda ilatdan jemi 10 adam ýaralandy

1585825
Terror guramasy PKK Afrin etrabyna raketaly hüjüm gurady

Siriýanyň Tel Ryfat etrabynda basyp alyşlygyny dowam etdirýän ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Afrin etrabynyň merkezine guran raketaly hüjüminde 6-sy çaga asuda ilatdan jemi 10 adam ýaralandy.

ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda boşaltmaly bolan Tel Ryfat etrabyndan Afrin etrabynyň merkezine hüjüm guramaga dowam edýär.  

Afriniň şäher merkezine guralan raketaly hüjümde 6-sy çaga asuda ilatdan jemi 10 adam ýaralandy.

Raketalaryň asuda halkyň öýlerine degmegi netijesinde guralan hüjümlerde maddy zyýan hem çekildi. 

Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen Afrin etrabyndan çykarylan ÝPG/PKK, etrabyň günorta-gündogaryndaky Tel Ryfat sebitinde basyp alyşlygyny dowam etdirýär. 

Türkiýe Siriýanyň Milli goşunynyň goldawy bilen 2018-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Afrin etrabyny terror guramasy ÝPG/PKK-dan azat etmek üçin Zeýtun şahajygy operasiýasyny geçiripdi we 18-nji martda Afrini terrorçylardan saplapdy. 


Etiketkalar: #asuda ilat , #raketa , #hüjüm , #PKK , #ÝPG , #Afrin

Degişli Habarlar