Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Gahariýa Wezipesinden Çekildi

Gahariýa oppozision partiýanyň başlygynyň tussag edilmegine garşy durýardy

1586139
Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Gahariýa Wezipesinden Çekildi

Gahariýa paýtagt Tibiliside žurnalistlere beren beýannamasynda ýurtdaky esasy oppozision partiýa bpolan Birleşen milli hereketiň Başlygy Nika Meliýanyň tussag edilmegi hakynda karar boýunça egindeşleri bilen ýüze çykan düşnüşmezlik sebäpli wezipesinden çekilendigini aýtdy.

Maliýanyň tussag edilmegi hakyndaky karary tankyt eden Gahariýa ýurtda syýasy dartgynlyklaryň dowam edýändigini we kararyň dartgynlygy hasam güýçlendirjekdigini aýtdy.

İİçeri işler ministrliginden berilen beýannamada bolsa Gahariýanyn wezipeden çekilmeginden soň Meliýanyň tussag edilmegi hakyndaky kararyň wagtlaýynça yza süýşürilendigi habar berildi.

Gruziýanyň konstitutsiýasyna görä häkimiýet başyndaky Gruzin hyýaly partiýasy bir hepdäniň dowamynda täze premýer-ministri we ministrler kabinetiniň täze düzümini Prezident Salome Zurabişwillä hödürlemeli.

Tibilisiniň Şäher kazyýetiniň düýn Meliýanyň tussag edilmegi hakynda çykaran kararyna oppozisiýadaky beýleki partiýalar hem garşylyk görkezipdi.

Meliýa özüni goldamak üçin partiýasynyň merkezine baran oppozision partiýalarynyň liderleri bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda kazyýetiň kararyny kabul etmeýändigini we polise boýun egmejekdigini beýan edipdi.

2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda Gruziýada Prawoslaw parlamentara Assambleýasynyň maslahatynda Russiýanyň wekiliýetiniň düzümindäki Russiýanyň Kommunistik partiýasynyň agzasy we Russiýanyň Döwlet Dumasynyň halk deputaty Sergeý Gawrilowyň parlamentiň başlygynyň kürsüsine oturmagy müňlerçe adam tarapyndan protest edilipdi.

Protestçilere meçew berendigi sebäpli saklanan, soň kepillik bilen boşadylan Meliýa kepillik tölegini tölemäändigi sebäpli ýaňadandan saklanypdy.

Gruziýanyň Prokuroturasynyň talabyna laýyklykda düýn geçirilen nobatdan daşary parlament diňlenşiginde esasy köplüg eýe bolan Gruzin hyýaly partiýasy Melianyň halk deputatlygynyň bes edilmegi üçin ses beripdi. Tibilisiniň şäher kazyýeti bolsa Meliýanyň saklanmagy üçin karar kabul eden hem bolsa, Birleşen milli hereketiň Başlygy polise boýun egmändi.

 



Degişli Habarlar