Dünýäde Kowid-19 ýokanlaryň sany 110 million 453 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 85 million 354 müň adama ýetdi

1585976
Dünýäde Kowid-19 ýokanlaryň sany 110 million 453 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 441 müň 360 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 110 million 453 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 85 million 354 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 156 müň 38 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 950 müň 201 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Liwanda 60 adam artyp jemi 4 müň 152 adama, Tunisde 34 adam artyp 7 müň 651 adama, Marokkoda 13 adam artyp jemi 8 müň 517 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany bolsa Liwanda 2 müň 479 adamlyk artyş bilen 346 müň 63 adama, Tunisde 787 adamlyk artyş bilen 225 müň 116 adama, Marokkoda bolsa 508 adamlyk artyş bilen 479 müň 579 adama ýetdi. 

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasy bilen bagly görülen öňüni alyş çärelerine we köçä çykmak gadagançylygyna garamazdan ýurdyň paýtagty Tokio şäherinde gezelenç eden hökümetiň başyndaky Liberal Demokrat partiýanyň deputaty Sirasuka Takaki, partiýasyndaky wezipesinden çekildi. Sirasuka 10-njy fewralda Tokionyň Akasaka bilen Azabujuban diýilen ýerlerinde ýerleşýän restoranlarda agşam sagat 20:00-dan gijä çenli galandygyny boýun aldy. 



Degişli Habarlar