Koronawirus Sanjymy Bütin Dünýä Deň Derejede Ýetirilmeli

Bütindünýä söwda guramasynyň täze başlygy Ngozi Okonžo-Iweala koronawirus sanjymynyň ähli ýurtlara deň derejede berilmelidigini beýan etdi

1585219
Koronawirus Sanjymy Bütin Dünýä Deň Derejede Ýetirilmeli

Mundan ozal Global sanjym we sanjymlama bileleşiginiň başlygy bolup işlän Ngozi-Okonžo-Iweala “BBC-ä” beren interwýusynda: “Baý ýurtlaryň raýatlary sanjymlanýarka ýoksul ýurtlar sanjym üçin garaşmaga mejbur bolmaly däl” diýdi.

Okonžo-Iweala soňky hepdelerde birnäçe ýurtdan öndürilýän sanjymlaryň eksportyny bökdemäge synanşýandygyna ünsi çekip, onuň global kadalaşmany bökdejekdigini nygtady.

Okonžo-Iweala: “Mutasiýalara garşy her bir ýurt diňe öz raýatlaryny sanjymlamak üçin çäreler gören halatynda özüni howpsyz duýup bilmez” diýdi.

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterriş bolsa ähli ýurtlary diňe öz halklarynyň däl, eýsem başga ýurtlaryň halklarynyň hem sanjymlanmagyna goldaw berip, “arkalaşygy” üpjün etmäge we “sanjym milletçiliginden” halas bolmaga çagyrdy.



Degişli Habarlar