Garada Şehit Edilen Türk Raýatlary Üçin Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär

Ukraina hyýanatçylykly hüjümi ýazgardy

1584970
Garada Şehit Edilen Türk Raýatlary Üçin Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär

 

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Linde, Yragyň Gara etrapçasynda, ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan şehit edilen 13 türk raýaty üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Linde, Twitterden beren habarnamasynda “Demirgazyk Yrakda terrorçylykly hüjümde ýogalan türk raýatlarynyň hossarlaryna çuňňur gynanç bildirýärin. Türk halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi.

Beýleki tarapdan Ukraina hem hyýanatçylykly hüjümi ýazgardy.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Twitterden türk dilinde beren habarnamasynda, Yragyň demirgazygynda türk raýatlarynyň şehit edilmegine uly gynanç bildirildi.

Dost türk halkyna we ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirlen habarnamada, “Bigünä adamlaryň ganhorlary berk ýazgarylmaly” diýildi.

Russiýanyň we Daniýanyň Türkiýedäki ilçihanalary hem şehit edilen 13 türk raýaty üçin duýgudaşlyk bildirdi.



Degişli Habarlar