Efiopiýa serhet meselesinde Türkiýäniň araçylyk etmeginden hoşal boljakdygyny beýan etdi

Efiopiýa Sudan bilen başdan geçirilýän serhet meselesinde Türkiýäniň araçylyk rolundan hoşal boljakdygyny habar berdi

1585007
Efiopiýa serhet meselesinde Türkiýäniň araçylyk etmeginden hoşal boljakdygyny beýan etdi
Etiyopya-Ankara buyukelciligi.jpg

Türkiýä guran saparynda beýanat beren Efiopiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Dina Mufti, ýurduny Sudan bilen söweş ýagdaýyna getiren Faşka sebitindäki serhet meselesiniň diplomatik ýollar bilen çözülip bilinjekdigini mälim etdi. 

Dina Mufti: "Söweş biziň gün tertibimizde däl. Eger Türkiýe tarapyndan araçylyk teklip edilse Efiopiýa muny hoşallyk bilen kabul eder" diýip habar berdi. 

Türkiýe bilen Efiopiýa 15-nji fewralda diplomatik gatnaşyklaryň başlamagynyň 125-nji ýyllygyny belläp geçdiler. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 15-nji fewralda Efiopiýanyň Daşary işler ministri Demeke Mekkonen bilen Efiopiýanyň Ankara şäherindäki ilçihanasynyň täze binasyny dabara bilen açypdy. 



Degişli Habarlar