Terror Gurbanlary Üçin Türkiýä Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelip Gowuşýar

Ýüzlenmelerde Türkiýä we türk halkyna duýgudaşlyk bildirilýär

1584432
Terror Gurbanlary Üçin Türkiýä Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelip Gowuşýar

ÝB Komissiýasynyň mebugat Sekretary Peter Stano Yragyň demirgazygyndaky Gara etrabynda 13 türk raýatynyň terror guramasy PKK tarapyndan öldürilendigi hakynda “gynandyryjy habarlary” görendiklerini beýan etdi.

Stano: “Türk halkyna duýgudaşlyk bildirmek we gurban bolanlaryň maşgala agzalaryna gynançlaryny içginlikbilen bölüşýändigimizi beýan etmek isleýäris” diýdi.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş Sekretary Bagdad Amreýew hem Gara etrabynda PKK terrorçylary tarapyndan 13 türk raýatynyň şehit edilmegini ýazgaryp, beýannama çap etdi. Baş Sekretar Amreýew şehitlere alladan rehnet, ýakynlaryna we türk halkyna duýgudaşlyk, ýaralylara şypa diledi.

Garadag Yslam Bileleşiginiň Başlygy Rifat Fežzij bolsa Türkiýäniň Podgorisadaky Ilçisi Songül Ozan bilen Din işleri guramasynyň Başlygy Ali Erbaşa ugradan duýgudaşlyk ýüzlenmesinde; “Garada PKK terrorçylary tarapyndan 13 adamyň şehit edilendigini gynanç bilen öwrendim. Öz adymdan we Garadagdaky musulmanlaryň adyndan bu näletli terror hüjüminde şehit bolanlara rehnet, maşgala agzalaryna sabyr dileýärin” diýdi.

Palestinanyň Alymlar Bileleşigi bolsa Gara etrabynda terror guramasy PKK-nyň “hyýanatçylykly terror hüjümi” sebäpli 13 türk esgeriniň şehit edilmegini ýazgarýandygyny beýan etdi.

Hamasyň metbugat Sekretary Sami Abu Zuhri bolsa Twitter hasabyndan türk dilinde beren duýgudaşlyk habarnamasynda Garadaky 13 türk raýatynyň şehit edilmegini ýazgardy.

Şehitleriň maşgala agzalaryna we türk halkyna duýgudaşlyk bildiren Abu Zuhri habarnamasynda: “Türkiýäni we halkyny ähli bela-beterden goramagy üçin alla doga edýäris” diýdi.

Paýtagt Ankarada ýerleşýän Belgiýanyň, Fransiýanyň, Gresiýanyň, Ukrainanyň, Kanadanyň we Norwegiýanyň diplomatik wekilhanalary hem ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan şehit edilen 13 türk raýaty üçin duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap etdi.

 



Degişli Habarlar