Erbil Howa Menzilinden Uçar Saparlary Başlady

14 sagatlyk arakesmeden soň uçar saparlary ýaňadandan başlady

1584799
Erbil Howa Menzilinden Uçar Saparlary Başlady

 

Yrakda roketa hüjümine sezewar bolan Halkara Erbil howa menzilinde uçar saparlarynyň ýaňadandan başlandygy habar berildi.

Erbil howa menziliniň müdüri Ahmed Hoşýar, metbugata beren beýannamasynda, howa menziline guralan roketa hüjüminden soň ýolagçylaryň howpsyzlygy üçin düýn gije ýerli wagt bilen 22.00-dan başlap ähli uçuşlaryň saklanandygyny aýtdy.

Hoşýar 14 sagatlyk arakesmeden soň uçar saparlarynyň saat 12.00-dan başlap ýaňadandan başlandygyny belledi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň İçeri işler ministrligi düýn gije amerikaly esgerleriň harby bazasynyň ýerleşýän ýeri bolan Ebil howa menziline we Erbil şäherine guralan hüjümde 1 adamyň ýogalandygyny, 9 adamyň ýaralanandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar