Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 109 million 706 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 84 million 252 müň adama ýetdi

1584551
Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 109 million 706 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 419 müň 662 adama, wirus ýokanlaryň sany 109 million 706 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 84 million 252 müň adama ýetdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 155 müň 840 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 925 müň 710 adama ýetdi. 

Russiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 459 adamlyk artyş bilen, 80 müň 979 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa şol wagt aralygynda 13 müň 233 adamlyk artyş bilen 4 million 99 müň adama ýetdi. 

Basyp alyşlyk we gabaw astyndaky Palestina topraklarynda epidemiýa sebäpli 537-si Gazada bolmak bilen jemi 2 müň 133 adam ýogaldy, 53 müň 593-i Gazada bolmak bilen jemi 190 müň 316 adam bolsa wirusa ýolukdy. Beýleki tarapdan Palestinanyň Saglygy goraýyş ministri Meý Keýle, ugradan koronawirus sanjymlarynyň Ysraýylyň resmileri tarapyndan Gaza salynmagyna rugsat berilmändigini mälim etdi. 

Zimbabwede koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 410 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 35 müň 222 adama ýetdi. Ýurtda Ministrler kabinetiniň mejlisinden 4 ministriň koronawirus sebäpli ýogalmagyndan soň, Kowid-19 epidemiýasy bilen bagly çäklendirmeleriň möhlediniň ýene-de 2 hepde uzadylmagy barada karara gelindi. 

Malaýziýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 975 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 266 müň 445 adamdan geçdi. 

Epidemiýa sebäpli 4 müň 636 adamyň ýogalan Hytaýda, koronawirus üçin mineral suw we duzly ergin bilen ýasama sanjym öndüren toparyň lideri göz tussaglygyna alyndy. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar