AstraZeneca Firmasynyň Öndüren Kovid-19Sanjymyň Ulanylmagyna Rugsat Berildi

BSGG AstraZeneca firmasynyň öndüren Kovid-19 sanjymyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyna rugsat berdi

1584533
AstraZeneca Firmasynyň Öndüren Kovid-19Sanjymyň Ulanylmagyna Rugsat Berildi

 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy AstraZeneca firmasynyň täze görnüş koronawirusa garşy öndüren Kovid-19 sanjymyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyna rugsat berdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhanom Ghebreýesus metbugata beren beýannamasynda “Sanjymlaryň gysga wagtda halka ýetirilmegi üçin ähli mümkinçiligimiz bar, emma ýene-de önümçiligiň depgini güýçlendirilmeli” diýdi.

AstraZeneca firmasynyň täze görnüş koronawirusa garşy öndüren Kovid-19 sanjymynyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyna rugsat berendiklerini aýdan Ghebreýesus, sanjymlaryň Günorta Koreýadaky AstraZeneca-SKBio we Hindistanyň Serum instituty tarapyndan öndürlendigini ýatlatdy.

AstraZeneca firmasynyň öndüren Kovid-19 sanjymynyň Britaniýa, Hindistan, Argentina we Meksika ýaly 50-den gowrak ýurtda adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyna rugsat berlipdi.



Degişli Habarlar