Alekseý Nawalnyýny bejergi eden rus lukman garaşylmadyk ýagdaýda ýogaldy

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmeginden soň Omsk şäherinde ýatyrylan hassahanda bejergi eden rus lukman garaşylmadyk ýagdaýda ýogaldy

1578006
Alekseý Nawalnyýny bejergi eden rus lukman garaşylmadyk ýagdaýda ýogaldy

Russiýanyň Omsk şäherindäki hassahanadan berilen beýanatda, 55 ýaşyndaky Maksimişin Sergeý Walentinowiç atly lukmanyň ýogalmagynyň garaşylmadyk ýagdaýda bolandygy habar berildi. 

"Omsk şäheriniň 1-nji Hassahananyň anesteziýa we reanimasiýadan jogapkär Baş lukmanyň orunbasary Maksimişin Sergeý Walentinowiç garaşylmadyk ýagdaýda ýogaldy" diýip habar berilen beýanatda, lukmanyň näme sebäpli ýogalandygy barada bolsa maglumat berilmedi. 

Russiýanyň hökümetine garşy bolan Alekseý Nawalnyý, geçen ýylyň 20-nji awgustynda uçar saparlarynyň birinde saglyk ýadgaýy erbetleşipdi we Omsk şäherindäki hassahada bejergi astyna alynypdy. Şol hassahanda bejergi alan günlerinde rus oppozisioneriň bejergisinden jogapkär bolan tejribeli lukman Maksimişin Sergeý Walentinowiç, halkara jemgyýetçiliginiň ýakyndan gözegçilik etmegine garamazdan, Nawalnyýnyň saglyk ýagdaýy barada metbugata maglumat bermändi. 

Omsk şäherindäki hassahanda 2 gün bejergi alan Nawalnyý ondan soň bolsa Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherindäki hassahana geçirilipdi. Ol ýerde geçirilen barlaglaryň netijesinde Nawalnyýnyň Nowiçok atly himiki madda bilen zäherlenendigi anyklandy. 

Nawalnyý bilen birlikde Günbatarly ýurtlar zäherlenme bilen bagly hadysanyň arkasynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň bardygyny bellän hem bolsalar, Moskwa ähli günäkärlemeleri ret etdi. 

Alekseý Nawalnyýnyň ýakyn töwereginden bolan Leonid Wolkow, CNN kanalyna beren beýanatynda, rus oppozisioneryň hassahanadaky bejergisinden jogapkär bolan Maksimişin Sergeý Walentinowiçiň, Alekseý Nawalnyýnyň şol wagtky ýagdaýy barada jikme-jik maglumata eýe bolandygyny, şol sebäpli lukmanyň ölümi bilen bagly şübheleri ünsden düşürmejekdiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar