Kovid-19 Täsirini Dowam Etdirýär

Kovid-19 Ispaniýada 57 müň 806 adamyň ýogalmagyna, 2 million 792 müň 360 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

1573623
Kovid-19 Täsirini Dowam Etdirýär
koronavirüs abd3.jpg
super foto fransa korona fransa 2.jpg
super foto fransa korona fransa 1.jpg
super foto fransa korona fransa 3.jpg

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 202 müň 620, wirusa ýoluganlaryň sany 102 million 104 müň, sagalanlaryň sany 73 million 957 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 230 adam artyp 443 müň 769, hasaba alynan kesellileriň sany 95 müň 537 adam artyp 26 million 338 müň 607 adama ýetdi. ABŞ-da wirusyň Günorta Afrikada ýüze çykan has çalt ýokaşýan görnüşine iki adamda gabat gelindi. BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Nýu-Ýork şäherinde 65 ýaşyndan ýokardakylar toparynda sanjymyň ynamdarydygyny we netijesiniň ýokarydygyny görkezmek üçin kameralaryň öňünde Kovid-19 sanjymyny etdirdi.

Meksikada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 1506 adam artyp 155 müň 145, wirusa ýoluganlaryň sany 18 müň 670 adam artyp 1 million 825 müň 519 adama ýetdi.

Britaniýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 1239 adam artyp 103 müň 126, hasaba alynan kesellileriň sany 28 müň 680 adam artyp 3 million 743 müň 734 adama ýetdi.

Kovid-19 Ispaniýada 57 müň 806 adamyň ýogalmagyna, 2 million 792 müň 360 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 348 adam artyp 74 müň 800, wirusa ýoluganlaryň sany 23 müň 770 adam artyp 3 million 130 müň 629 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli Daniýada 2 müň 71 adam ýogaldy, 197 müň 208 adam hem hasbaa alyndy. Ýurtda koronawirusa garşy görlen çäreleriň möhledi ýene-de 3 hepde uzadyldy.

Germaniýada wirus sebäpli 56 müň 220 adam ýogaldy, 2 million 194 müň 562 adam hem hasaba alyndy.

Koronawirus Wengriýada 12 müň 374 adamyň ýogalmagyna, 364 müň 909 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy. Premýer ministr Wiktor Orban ýurdunda sanjym tapgyrynyň göz öňünde tutulşy ýaly dowam edýändigini belledi. Orban ÝB-den ýeterlik sanjymyň gelmändigi sebäpli Hytaýdan Kovid-19 sanjymyny aljakdyklaryny ýatlatdy.

Kovid-19 sebäpli:

Braziliýada 221 müň 676

Italiýada 87 müň 381

Kolumbiýada 52 müň 913

Argentinada 47 müň 601

Peruda 40 müň 484

Polşada 36 müň 443

Ukrainada 22 müň 479

Belgiýada 20 müň 892 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar