Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 73 million 957 müň adamdan geçdi

1573658
Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 202 müň 620 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 102 million 104 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 73 million 957 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 154 müň 47 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 720 müň 971 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 5 müň 361 adamyň ýogalan, 375 müň 607 adamyň hasaba alynan Ýaponiýada ýurdyň parlamenti, koronawirusa garşy göreş maksady bilen 183,8 milliard dollarlyk goşmaça býujeti tassyklady. 

Afrika materiginde Kowid-19 epidemiýasynyň iň köp hasaba alynan ýurdy bolan Günorta Afrika Respublikasynda soňky 24 sagatda ýene-de 555 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalanlaryň sany 43 müň 105 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 million 437 müň 798 adamdan geçdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli Liwanda ýene-de 68 adam, Marokkoda bolsa ýene-de 17 adam ýogaldy. Soňky ýogalanlar bilen birlikde Liwanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 2 müň 621 adama, Marokkoda bolsa 8 müň 224 adama ýetdi. Liwanda ykdysady krizis we Kowid-19 sebäpli girizilen karantin düzgünleriniň protest edilen demonstrasiýalarda 115 adam ýaralandy.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 9 müň 169 adamyň ýogalan, 164 müň 282 adamyň hasaba alynan Müsürde, Parlamendiň Saglygy goraýyş komitediniň başlygy Eşref Hatim, hökümediň ähli raýatlara koronawirus sanjymyny edip bilmejekdigini habar berdi. BAE we Ysraýyl ýaly ýurtlaryň hem ähli raýatlaryna sanjym tapyp bilmejekdigini aýdan Hatim, dünýäniň ençeme ýurdunyň ilatynyň diňe 50-60 göterimine sanjym etdirip biljekdigini öňe sürdi. 

DKTR-da koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde ýurtda karantin düzgüni giriziler. Ýene-de 47 adamyň wirusa ýolugan ýurtda, Kowid-19-a ýoluganlaryň sany jemi 2 müň 208 adama ýetdi. 

Koronawirusa garşy entek sanjym işleriniň başlamadyk Gruziýada ilkinji sanjym işleri mart aýynda başlar we ýylyň ahyryna çenli ilatyň 60 göterimine sanjym ediler. Ýurtda epidemiýa sebäpli şu günki güne çenli jemi 3 müň 148 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 256 müň 956 adama ýetdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Russiýada 72 müň 185 adama, Eýranda 57 müň 736 adama, Indoneziýada 29 müň 518 adama, Yrakda 13 müň 24 adama, Pakistanda 11 müň 560 adama, Bangladeşde 8 müň 87 adama, Ysraýylda 4 müň 671 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar