Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 154 müň 47 adama ýetdi

Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 720 müň 971 adama ýetdi

1573377
Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 154 müň 47 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 201 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 102 million 41 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 73 million 882 müň adamdan geçdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 154 müň 47 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 720 müň 971 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 5 müň 361 adamyň ýogalan, 375 müň 607 adamyň hasaba alynan Ýaponiýada ýurdyň parlamenti, koronawirusa garşy göreş maksady bilen 183,8 milliard dollarlyk goşmaça býujeti tassyklady. 

Afrika materiginde Kowid-19 epidemiýasynyň iň köp hasaba alynan ýurdy bolan Günorta Afrika Respublikasynda soňky 24 sagatda ýene-de 555 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalanlaryň sany 43 müň 105 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 million 437 müň 798 adamdan geçdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli Liwanda ýene-de 68 adam, Marokkoda bolsa ýene-de 17 adam ýogaldy. Soňky ýogalanlar bilen birlikde Liwanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 2 müň 621 adama, Marokkoda bolsa 8 müň 224 adama ýetdi. Liwanda ykdysady krizis we Kowid-19 sebäpli girizilen karantin düzgünleriniň protest edilen demonstrasiýalarda 115 adam ýaralandy.



Degişli Habarlar