Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 73 million 407 müň adama ýetdi

1572960
Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 185 müň 981 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 101 million 505 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 73 million 407 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 153 müň 885 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 702 müň adama ýetdi. 

Russiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 575 adamlyk artyş bilen, 71 müň 651 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 19 müň 138 adam artyp, 3 million 793 müň adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 4 müň 636 adamyň ýogalan Hytaýda millionlarça adamyň Bahar baýramyny koronawirus epidemiýasyna garşy görülen çäreleriň çäginde çäkli ýagdaýda belläp geçýändigi beýan edildi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 1 günde Liwanda ýene-de 76 adam, Tunisde 76 adam, Marokkoda 20 adam, Alžirde 6 adam, BAE-de 6 adam ýogaldy. Soňky ýogalan adamlar bilen birlikde jemi ýogalanlaryň sany Liwanda 2 müň 553 adama, Tunisde 6 müň 446 adama, Marokkoda 8 müň 207 adama, Alžirde 2 müň 877 adama, BAE-de 811 adama ýetdi. Kowid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa Liwanda 289 müň 660 adama, Tunisde 202 müň 223 adama, Marokkoda 468 müň 383 adama, Alžirde 106 müň 359 adama, BAE-de 289 müň 86 adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli adam ýitgisi 957 adama ýeten Kuweýtde bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 162 müň 862 adama ýetdi. 

Bahreýnde Kowid-19-yň mutasiýa sezewar bolan görnüşiniň anyklamagyndan soň käbir çäklendirmeleriň girizilmegi bilen bagly kararlar kabul edildi. Şol çäklendirmelere laýyklykda bilim onlaýn görnüşde beriler, naharhanalaryň we restoranlaryň içine müşderi kabul edilmez.

Ysraýylyň tussaghanalarynda Kowid-19-a ýolugan palestinaly tussaglylaryň sany 38 adam artyp, jemi 334-e ýetdi, şolaryň 40-synyň saglyk ýagdaýynyň erbetdigi mälim edildi. 

Günorta Afrika sebitinde bolsa koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 aýda 50 göterim artyp, 46 müň adama ýetdi. Beýleki tarapdan ýurdyň Saglygy goraýyş ministri Zweli Mkhize 1 million doza koronawirus sanjymynyň 1-nji fewralda ýurda getiriljekdigini aýan etdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 14 adamyň ýogalan DKTR-da ýene-de 52 adam hasaba alyndy. 



Degişli Habarlar