Hytaýa Baran BSGG-nyň Wekiliýeti Karantinden Çykdy

Hytaýa baranlaryndan soň 14 gün karantine alynan BSGG-nyň wekiliýeti Uhandaky myhmanhanalaryndan daşary çykyp, ulaga münýärkäler görüldiler

1572811
Hytaýa Baran BSGG-nyň Wekiliýeti Karantinden Çykdy

Toparyň Kowid-19-yň gelip çykyşyny öwrenmek üçin Uhanda iş alyp barmagy meýilleşdirilýär.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Joa Lijien wekiliýet hakynda beren beýannamasynda karantinden çykandan soň alymlaryň Kowid-19-yň gelip çykyşyny öwrenmek üçin hytaýly alymlar bilen bilelikde iş alyp barjakdygyny, hytaýly bilermenleriň BSGG-nyň wekiliýetine goldaw berip, ýeňillik döretjekdigini aýdypdy.

ABŞ-dan, Awstraliýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan, Britaniýadan, Russiýadan, Gollandiýadan, Katardan we Wiýetnamdan bilermenlerden hem-de ylmy barlagçylardan ybarat 13 adamlyk toparyň 14 günlük karantin tapgyrynda hytaýly resmiler bilen onlaýn maslahatlar geçirjekdigi beýan edilipdi.

Dünýä, Kowid-19 pandemiýasynyň ýüze çykandygyny Hytaýyň 2019-njy ýylyň 31-nji dekabrynda Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinde “gelip çykyşy näbelli bolan syrly dem alyş ýoly keseliniň” ýüze çykandygyny Bütindünýä saglygy goraýyş guramassyna habar bermeginden soň öwrenipdi.

 



Degişli Habarlar