Dünýäde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 184 müň 400 adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 73 million 337 müň adama ýetdi.

1572723
Dünýäde Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 184 müň 400 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 184 müň 400 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 101 million 447 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 73 million 337 müň adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 1 günde Liwanda ýene-de 76 adam, Tunisde 76 adam, Marokkoda 20 adam, Alžirde 6 adam, BAE-de 6 adam ýogaldy. Soňky ýogalan adamlar bilen birlikde jemi ýogalanlaryň sany Liwanda 2 müň 553 adama, Tunisde 6 müň 446 adama, Marokkoda 8 müň 207 adama, Alžirde 2 müň 877 adama, BAE-de 811 adama ýetdi. Kowid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa Liwanda 289 müň 660 adama, Tunisde 202 müň 223 adama, Marokkoda 468 müň 383 adama, Alžirde 106 müň 359 adama, BAE-de 289 müň 86 adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli adam ýitgisi 957 adama ýeten Kuweýtde bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 162 müň 862 adama ýetdi. 

Bahreýnde Kowid-19-yň mutasiýa sezewar bolan görnüşiniň anyklamagyndan soň käbir çäklendirmeleriň girizilmegi bilen bagly kararlar kabul edildi. Şol çäklendirmelere laýyklykda bilim onlaýn görnüşde beriler, naharhanalaryň we restoranlaryň içine müşderi kabul edilmez.

Ysraýylyň tussaghanalarynda Kowid-19-a ýolugan palestinaly tussaglylaryň sany 38 adam artyp, jemi 334-e ýetdi, şolaryň 40-synyň saglyk ýagdaýynyň erbetdigi mälim edildi. 

Günorta Afrika sebitinde bolsa koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 aýda 50 göterim artyp, 46 müň adama ýetdi.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 14 adamyň ýogalan DKTR-da ýene-de 52 adam hasaba alyndy. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar