Ysraýylly esgerler tarapyndan atylan palestinaly şehit boldy

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky Selfit şäherinde ysraýylly esgerler tarapyndan atylan palestinaly şehit boldy

1571556
Ysraýylly esgerler tarapyndan atylan palestinaly şehit boldy

Ysraýylyň goşunyndan berilen ýazmaça beýanatda, Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky Ariel jöhit ýaşaýyş ýeriniň golaýynda pyçakly hüjümiň öňüniň alynandygy we hüjüm gurandygy öňe sürülen adamyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda, ady agzalan palestinanyň saglyk ýagdaýy bilen bagly bolsa maglumat berilmedi. 

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda bolsa, entek şahsyýeti anyklanmadyk bir palestinalynyň Selfit şäherinde ýerleşýän Ariel jöhit ýaşaýyş ýeriniň golaýynda ysraýylly esgerler tarapyndan şehit edilendigi habar berildi. 



Degişli Habarlar