Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 72 million 925 müň adama ýetdi

1572080
Koronawirus epidemiýasy dünýä derejesinde howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 168 müň 300 adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 100 million 880 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 72 million 925 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 153 müň 751 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 690 müň adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirusyň iň köp hasaba alynan ýurdy bolan Günorta Afrika Respublikasynda soňky 24 sagatda ýene-de 680 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 41 müň 797 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 423 müň 578 adama ýetdi. 

Adam ýitgisi 1 müň 507 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 122 müň 996 adama ýeten Nigeriýada, Kowid-19-yň mutasiýa sezewar bolan görnüşi (B117) hasaba alyndy. 

Zimbabwede Ministrler kabinetiniň agzalaryndan 4 ministriň Kowid-19 sebäpli ýogalmagyndan soň hökümet, döwlet işgärleriniň öýlerinden işlemkeleri barada karar kabul etdi. Şu günki güne çenli 31 müň 646 adamyň Kowid-19-a ýolugan ýurtda, koronawirusdan ýogalanlaryň sany 1075 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 592 adamyň ýogalan, 25 müň 127 adamyň wirusa ýolugan Senegalda, epidemiýa sebäpli 6-njy ýanwarda güýje giren adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň dolmagyndan soň, saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Dakar we Thies sebitlerinde agşam sagat 21:00-dan irden sagat 05:00-a çenli girizilen köçä çykmak gadagançylygy 20-nji fewrala çenli uzadyldy.  

Indoneziýada Sinovac Biontech kärhanalary tarapyndan oýlanyp tapylan Kowid-19 sanjymynyň 2-nji dozasy edilmäge başlandy. Sanjymyň 2-nji dozasy göni ýaýlym arkaly ilki bilen ýurdyň Döwlet baştutany Joko Widodo edildi. Hökümet öňümizdäki ýyla çenli 181,5 million adama sanjym etmegi maksat edinýär. Ýurtda koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 1 million 12 müň 350 adama wirusa ýolukdy, 28 müň 468 adam bolsa koronawirus sebäpli ýogaldy. 

Epidemiýa sebäpli 3 müň 96 adamyň ýogalan, 254 müň 822 adamyň hasaba alynan Gruziýada, Daşary işler ministri Dawit Zalkaliani koronawirus testiniň položitel çykandygyny habar berdi. 

Kowid-19-dan 621 adamyň ýogalan, 78 müň 510 adamyň wirusa ýolugan Özbegistanda sanjym etabynyň aprel aýynda bşladylmagy meýilleşdirilýär. 

DKTR-da Kowid-19 epidemiýasyna garşy görülýän öňüni alyş çäreleriň çäginde şu günden başlap Lefkoşa şäherinde 1 hepdeligine, Girne şäherinde bolsa 2 hepdeligine karantin düzgüni giriziler. 2 hepdäniň dowamynda döwlet we hususy mekdeplerde, ähli başlangyç we orta bilim berýän mekdeplerde dersler onlaýn görnüşde beriler. 

Epidemiýa sebäpli 5 müň 311 adamyň ýogalan Ýaponiýada, wirusa ýoluganlaryň sany 373 müň 43 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Marokkoda 8 müň 187 adama, Tunisde 6 müň 370 adama, Alžirde 2 müň 871 adama, Liwanda 2 müň 477 adama, BAE-de 805 adama, Bahreýnde 370 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar