Gwineýa aýlagynda hüjüme sezewar galan gämä täze ekipaž gönükdirildi

Gwineýa aýlagynda hüjüme sezewar galan Mosart atly gäminiň kärhananyň resmilerinden we deňizçilerden ybarat 22 adamdan ybarat topar, Gabona baryp ýetdiler

1571788
Gwineýa aýlagynda hüjüme sezewar galan gämä täze ekipaž gönükdirildi

Türkiýäniň Librewil şäherindäki ilçihanasynyň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, Gabona baryp ýeten 22 adamdan ybarat goldaw toparynyň, Türkiýäniň Librewil şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nilüfer Erdem Kaýgysyz tarapyndan garşylanandygy habar berildi. 

Beýanatda toparyň şu gün gäminiň duran ýeri bolan Port-Žantil şäherindäki porta gidip gämä çykjakdygy mälim edildi. 

Liberiýanyň baýdagyny göterýän Mosart atly gämi 23-nji ýanwarda Nigeriýanyň Lagos şäheriniň takmynan 180 km uzaklygynda suw giňişliginde deňiz garakçylarynyň hüjümine sezewar galypdy. 

Logos şäherinden Günorta Afrika döwletiniň Keýptaun şäherine barýan gämidäki 19 adamlyk ekipaždan 15-si zamun alynypdy, Azerbaýjanyň raýaty bolan 1 adam bolsa öldürilipdi. 

Gämi 3 adamlyk galan ekipažy bilen Gabonyň Port-Žantil portyna tarap hereket edipdi. 

 



Degişli Habarlar