Eýranyň Daşary işler ministri Ermenistanda saparda bolýar

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, Ermenistanyň territorial bütewiliginiň ýurdunyň ileri tutýan ugrudygyny beýan etdi

1572316
Eýranyň Daşary işler ministri Ermenistanda saparda bolýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýtynda berilen habara görä, Muhammed Jewad Zarif sebite guraýan saparynyň çäginde Azerbaýjan we Russiýa guran saparyndan soň Ermenistana sapar gurap, ol ýerde ermeni kärdeşi Ara Aýwazýan bilen duşuşyk geçirdi. 

Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň we sebitleýin meseleleriň ele alynan duşuşykda Zarif: "Ermenistan Respublikasy bilen birlikde sebitdäki ähli ýurtlaryň territorial bütewiligi, garaşsyzlygy we milli özygtyýarlylygy möhümdir. Ermenistanyň territorial bütewiligi Eýranyň ileri tutýan ugrudyr" diýip belledi. 

Ermenistany Eýranyň möhüm goňşusydygyny aýdan Daşary işler ministri Zarif, Ermenistan döwletiniň we Premýer ministr Nikol Paşinýanyň syýasatlary barada öwgüli sözler aýtdy. 

Eýranyň Ermenistanyň 4-nji iň uly ykdysady hyzmatdaşydygyny aýdan Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýan gatnaşyklaryň özgerdilmeginiň ähmiýedini belläp geçdi. 

Duşuşygyň çäginde mundan başgada, iki ýurdyň arasynda bank, aragatnaşyk, Eýranyň önümleriniň eksporty we Aras derýasynyň töweregi bilen bagly meseleleriň ele alynandygy mälim edildi. 

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen hem duşuşmagyna garaşylýan Zarifiň, bu ýurtda geçirjek duşuşyklaryndan soň Gruziýa we Türkiýä sapar guramagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar