ABŞ-nyň täze Döwlet sekretary daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Blinken, wezipesiniň ilkinji gününde Kanada, Meksika, Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýaly döwletleriň Daşary işler ministrleri bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1571882
ABŞ-nyň täze Döwlet sekretary daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň täze Döwlet sekretary Entoni Blinken, wezipesiniň ilkinji gününde Kanada, Meksika, Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýaly döwletleriň Daşary işler ministrleri bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 

Ilkinji telefon söhbetdeşligini Kanadanyň Daşary işler ministri Mark Garno bilen geçiren Blinken, telefon söhbetdeşliginde ABŞ bilen Kandanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň ähmiýedini belläp geçdi we wezipesinde bolan wagty şol gatnaşyklary has hem ösdürjekdigini habar berdi. 

Blinken Meksikanyň Daşary işler ministri Marselo Ebard bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem, ABŞ bilen Meksikanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar we Latyn Amerika ýurtlaryndan gelýän bosgunlar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. 

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Tosimisu Motegi we Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Kang Kýung-Wha bilen hem telefon arkaly söhbetdeş bolan Blinken, geçiren söhbetdeşliklerinde ABŞ-nyň Hindi we Ýuwaş oken sebitlerinde parahatçylygyň we asudalygyň goralyp saklanmagyna bolan baglylygyny belläp geçdi. 



Degişli Habarlar