ABŞ, Iki Döwletli Çözgüde Goldaw Berýär

“Täze hökümet Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ozal ylalaşyk gazanylan iki döwletli çözgüde goldaw berýär"

1571794
ABŞ, Iki Döwletli Çözgüde Goldaw Berýär

 

ABŞ-nyň täze prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň, ozalky Prezident Donald Tramp döwründe saklanan Palestina berilýän ýardamlary ýaňadandan başlatjakdygy we iki döwletli çözgüt üçin tagalla etjekdigi nygtaldy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde söz sözlän ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Riçard Mills, Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ozal saklanan Palestina berilýän ýardamlary ýaňadandan başlatjakdygyny aýtdy.

Tramp döwründe Palestinanyň ABŞ-da ýapylan diplomatik wekilhanalarynyň ýaňadandan açyljakdygyny aýdan Mills, BMG-nyň Palestinalylara ýardam meýilnamasynyň hem ýaňadandan güýje girjekdigini ýatlatdy.

Mills, “Täze hökümet Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ozal ylalaşyk gazanylan iki döwletli çözgüde goldaw berýär” diýdi.

Palestina Azat edijilik guramasy, Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň, Waşingtonda ýapylan diplomatik wekilhananyň ýaňadandan açylmagy baradaky kararyndan hoşal.


Etiketkalar: #karar , #ABŞ , #ýardam , #Palestina

Degişli Habarlar