Talibanyň Wekilleri Tährana Bardy

“Saparyň çäginde Owganystandaky parahatçylyk etaby meselesi ara alnyp maslahatlaşylar”

1571229
Talibanyň Wekilleri Tährana Bardy

Owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirýän Talibanyň wekillerinden ybarat ýokary derejeli wekiliýet Eýranyň çakylygyna laýyklykda Tährana bardy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Said Hatibzade, beren ýazmaça beýannamasynda, Talibanyň syýasy işlerden jogapkär ýolbaşçysy Molla Abdulgani Beraderiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň, Daşary işler ministrliginiň myhmany hökmünde Tährana gelendigini aýtdy.

Hatibzade, Talibanyň wekilleriniň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarifiň başda durmagynda eýranly ýolbaşçylar bilen duşuşjakdygyny belledi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Said Hatibzade, “Saparyň çäginde Owganystandaky parahatçylyk etaby meselesi ara alnyp maslahatlaşylar” diýdi.



Degişli Habarlar