Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 72 million 397 müň adama ýetdi

1571389
Kowid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 151 müň 530 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 100 million 346 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 72 million 397 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 153 müň 624 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 677 müň adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 564 adamlyk artyş bilen, 70 müň 482 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 18 müň 241 adamlyk artyş bilen 3 million 756 müň adama ýetdi. 

Ysraýylda Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 4 müň 498 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 606 müň 365 adama ýetdi. 

Epidemiýa sebäpli Palestinada ýogalanlaryň sany 1 müň 967 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 175 müň 416 adama ýetdi. 

Liwiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 782 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 114 müň 429 adama ýetdi. 

Yrakda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 13 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 614 müň 576 adama ýetdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli BAE-de ýogalanlaryň sany 798 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 281 müň 546 adama ýetdi. 

Kuweýtde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 954 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 161 müň 777 adama ýetdi. 

Katarda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 248 adama, ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 149 müň 296 adama ýetdi. 

DKTR-de koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 14 adam ýogaldy. DKTR-de wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 32 adamlyk artyş bilen jemi 2 müň 71 adama ýetdi. 

Täjigistanyň Prezidenti Imamali Rahmon, epidemiýa sebäpli ýurdyň geçen ýyl ykdysady durnuksyzlygy we artan işsizlik meseleleri bilen ýüz-ýüze galandygyny habar berdi. Rahmon, aýyň başyndan bäri Kowid-19 wakasy hasaba alynmadyk Täjigistanda, epidemiýa täsirini ýitiren hem bolsa raýatlaryň maskalary dakmaklaryny we saglygy goraýyş bilen bagly düzgünleri berjaý etmeklerini isledi. 

Indoneziýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 28 müň 468 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 million 12 müň 350 adama ýetdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Pakistanda 11 müň 376 adama, Filippinlerde 10 müň 386 adama, Bangladeşde 8 müň 55 adama, Saud Arabystanynda 6 müň 355 adama, Ýaponiýada 5 müň 84 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar