Zarif: "Azerbaýjanyň topraklaryny yzyna almagyndan hoşaldyrys" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, Azerbaýjanyň Daglyk Garabagda Ermenistanyň basyp alyşlygy astynda bolan topraklaryny yzyna basyp almagyndan hoşaldyklaryny habar berdi

1570348
Zarif: "Azerbaýjanyň topraklaryny yzyna almagyndan hoşaldyrys" diýdi

Russiýa, Ermenistan, Gruziýa we Türkiýe gurajak saparlarynyň çäginde Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine baran Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, howa menzilinde Eýranyň mediasyna beren beýanatynda, gurjak sapary barada maglumat berdi. 

Saparynda sebitleýin hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýdan Zarif: "Doganlyk ýurt Azerbaýjanyň topraklaryny yzyna almagyndan hoşaldyrys. Şu gün Azerbaýjanyň topraklary Azerbaýjanyň halkynyň elindedir. Halkyň azat edilen sebitlerdäki öýlerine iň gysga wagtda gaýdyp barmagy üçin kömek bermek isleýäris" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň resmileri bilen Garabagdaky durnuklylyk, parahatçylyk we ýaňadandan dikeltmek bilen bagly ugurlary maslahatlaşjakdyklaryny aýdan Zarif, tranzit geçişler we Demirgazyk-Günorta aragatnaşyk koridory bilen bagly meseleleri hem maslahatlaşjakdyklaryny habar berdi. 



Degişli Habarlar