Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Dünýäde, wirusa ýoluganlaryň sany 99 million 777 müň, sagalanlaryň sany 71 million 764 müň adamdan geçdi.

1570262
Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 139 müň 43, wirusa ýoluganlaryň sany 99 million 777 müň, sagalanlaryň sany 71 million 764 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 429 müň 490, wirusa ýoluganlaryň sany 25 million 702 müň adama ýetdi.

Britaniýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 610 adam artyp 97 müň 939, hasaba alynanlaryň sany 30 müň 4 adam artyp 3 million 647 müň 463 adama ýetdi.

Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 172 adam artyp 73 müň 49, wirusa ýoluganlaryň sany 18 müň 436 adam artyp 3 million 53 müň 617 adama ýetdi. Beýleki tarapdan ýurtda halk, koronawirus epidemiýasynyň 2021-nji ýylda hem dowam etjekdigi aladasy we azyk ýetmezçiligine sebäp boljakdygy gorkusy bilen has köp azyk almaga başlady.

Meksikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 149 müň 614 adama ýetdi. Prezident Anders Manuela Lopez Obradora koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Portugaliýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 275 adam artyp 10 müň 469, wirusa ýoluganlaryň sany 11 müň 721 adam artyp 636 müň 190 adma ýetdi.

Awstralýada wirusa ýolugan 909 adam ýogaldy, 28 mü 766 adam hem hasbaa alyndy. Ýurtda Pfizer firmasynyň öndüren Kovid-19 sanjymynyň ulanylmagyna rugsat berildi.

Kovid-19 sebäpli:

Braziliýada 217 müň 81

Italiýada 85 müň 461

Ispaniýada 55 müň 441

Germaniýada 52 müň 777

Kolumbiýada 51 müň 374

Argentinada 46 müň 827

Peruda 39 müň 777

Polşada 35 müň 363

Ukrainada 21 müň 861

Belgiýada 20 müň 779

Kanadada 19 müň 94

Çilide 17 müň 933

Ruminiýada 17 müň 776

Çeh Respublikasynda 15 müň 369

Ekwadorda 14 müň 623

Wengriýada 11 müň 968

Şwesiýada 11 müň 5 adam ýogaldy.

 



Degişli Habarlar