Baýden Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýdeniň, ABŞ-nyň Fransiýa bilen edýän özara gatnaşyklaryny güýçlendirmek isleýändigine ünsi çekdi

1570214
Baýden Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine ünsi çekdi.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannama görä, 20-njy ýanwarda kasam edip ABŞ-nyň 46-njy prezidenti wezipesine başkan Baýden, düýn Fransiýanyň Prezidenti Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde Baýdeniň, Makrona ABŞ-nyň “iň gadymy hyzmatdaşy” Fransiýa bilen edýän özara gatnaşyklaryny güýçlendirmek isleýändigine ünsi çekdi.

Baýden, ABŞ-nyň NATO bilen ÝB-ne agza ýurtlar bilen edýän hyzmatdaşlygyny hem pugtalandyrmak isleýändiklerini belledi.

Beýannamada iki lideriň, klimat çalşygy, Kovid-19, global ykdysadyýetiň kadalaşmagy ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyk gazanandyklary,  Hytaý, Ýakyn Gündogar we Russiýa ýaly daşarky syýasatyň esasy ugurlary barada hem birlikde işleşmek isleýändikleri ýatladyldy.



Degişli Habarlar