Boris Jonson, Jo Baýden Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Boris Jonson, Jo Baýdeni wezipesine başlamagy bilen gutlady

1569764
Boris Jonson, Jo Baýden Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Britaniýa tarapyndan berlen beýannama görä, Boris Jonson telefon söhbetdeşliginde Jo Baýdeni wezipesine başlamagy bilen gutlady we täze döwürde iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak isleändigini belledi.

Boris Jonson, Baýdeniň klimat çalşygy meselesinde Pariž şertnamasyna ýaňadan goşulmak baradaky kararyndan hoşaldygyny nygtady.

Iki lider, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýäniň başdan geçirýän kynçylyklary hakynda hem pikir alyşdy.

Liderler mundan başgada iki ýurduň arasynda baglaşylyp bilinjek erkin söwda şertnamasynyň peýdalary hakynda pikir alyşdy we şertlere görä duşuşmak barada ylalaşdylar.



Degişli Habarlar