Madritdäki partlamada 3 adam ýogaldy

Bir adamyň dereksiz ýiten wakada, 1-iniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 10 adam ýaralandy

1567965
Madritdäki partlamada 3 adam ýogaldy

Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde binalaryň birinde tebigy gaz sebäpli bolan partlamada 3 adam ýogaldy. 

Bir adamyň dereksiz ýiten wakada, 1-iniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 10 adam ýaralandy. 

Ýerli resmileriň, ýangyn söndürijileriň, raýat goranyş toparlaryň we şaýatlaryň beren habarynda, partlamanyň binadaky tebigy gaz gözegçilik we gurnama işleri amala aşyrylýarka bolandygy mälim edildi. 

La Paloma ybadathanasyna ýakyn bolan binanyň, din adamlarynyň maslahat ýeri we ýaşaýyş jaý hökmünde ulanandyklary aýan edildi. 

Madridiň gubernatory Žoze Manuel Franko Pardo, 6 gatly bina uly zyýan ýetiren partlamada 85 ýaşyndaky bir zenan bilen iki erkegiň ýogalandygyny, tebigy gaz gözegçiligini ýerine ýetiren adamyň bolsa dereksiz ýitendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar