Afrikada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 81 müň 861 adama ýetdi

Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 352 müň 823 adama ýetdi

1568100
Afrikada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 81 müň 861 adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 83 müň adamdan geçdi. Dünýäde wirus ýokanlaryň sany 97 million 317 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 69 million 867 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 152 müň 906 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 611 müň 719 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 81 müň 861 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 million 352 müň 823 adama ýetdi. Materikde adam ýitgileri iň köp bolan ýurtlar Günorta Afrika, Marokko, Tunis we Müsür döwletleri. 

Beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri: Russiýada 67 müň 220 adam, Eýran 57 müň 57 adam, Günorta Afrika 38 müň 854 adam, Indoneziýa 26 müň 857 adam, Yrak 12 müň 968 adam, Pakistan 11 müň 157 adam. 

 



Degişli Habarlar